Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pedagog ýetmezçiligi mugallymlary 'syýahat gadagançylygyna' salýar


Aşgabat. Bilim binistliginiň binasy
Aşgabat. Bilim binistliginiň binasy

Türkmenistan zähmet rugsadyna çykan mugallymlaryň daşary ýurtlara syýahat etmeklerine ýol bermeýär, olar hatda Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan ýaly goňşy ýurtlara hem goýberilmeýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Anonimlik şertinde gürleşen pedagoglar bu gadaganlygyň ýokardan, dilden berlen görkezmä esaslanýandygyny, hiç bir kanuny düşündirişiniň ýokdugyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, bu gadaganlyk barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.

Balkanda tomusky dynç alşyna çykyp, daşary ýurt wizalaryny almak üçin resminama tabşyrmaga barýan mekdep mugallymlary özleriniň ýurt daşyna goýberilmeýän, ‘gara sanawa’ girizilen raýatlara öwrülendiklerini bilip galýarlar.

"Öňem ýüzläp mugallym gidip, yzyna gelmedi"

Wiza merkezleri mugallymlaryň resminamalaryny kabul edip bilmejekdiklerini, sebäbi olaryň daşary ýurtlara çykmagynyň ýokardan berlen tabşyryk esasynda ‘gadagan edilendigini’ aýdýarlar.

Aýry-aýrylykda gürleşen mugallymlaryň sözlerine görä, eger olar indi daşary ýurt wizasyny aljak bolsalar, işleýän etraplaryndaky bilim bölümlerine baryp, işden çykandygy, ýagny häzir mugallym bolup işlemeýändigi hakynda resminama almaly bolarlar.

Türkmenbaşynyň 1-nji mekdebiniň 50 ýaşlaryndaky mugallymy bu gadaganlygyň özüne ýurtdaky pedagog ýetmezçiligi, daşary ýurtlara gidip, soň yzyna gelmeýän mugallymlaryň köpelmegi bilen düşündirilendigini aýtdy.

“Türk wizasyny almak üçin ilçihana agentligine ýüz tutdum. Bu agentlik Aşgabatdaky Nowruzhaly binasynda ýerleşýär. Olar maňa özlerine aýdylan zady aýtdylar. ‘Geçen ýylam dynç alyşda ýüzläp mugallym Türkiýä gidip, yzyna dolanmady, pedagog ýetmezçilik edýär. Ýokardan tabşyryk bar. Biz siziň resminamaňyzy kabul edip bilmeýäris’ diýdiler” diýip, özüni Jennet diýip tanadan pedagog aýtdy.

Onuň sözlerine görä, eger wiza aljak bolsa, ol hiç ýerde işlemeýändigini tassyklaýan resminama getirmeli, kompýuterde barlananda, mugallym bolup işleýändigi belli bolmaz ýaly etmeli.

“Özüňiz baradaky maglumatlary bazadan öçürdip geliň, welaýatyňyzdaky bilim bölüminde, polisiýada bar bolan maglumatlary öçürdiň. Diňe şondan soň çykyp bilersiňiz diýdiler.”

"Saglygymy barlatjakdym, öz lukmanlarymyz bilimsiz"

Jennet mugallym işden boş wagtynda, öz hasabyna saglygyny barlatmakçy bolandygyny gürrüň berdi.

“Saglyk pudagymyzda oturan bilimsiz lukmanlaryň bilýän zatlary ýok, bagrymda näsazlyk bar, görkezmek isläpdim. Türkmenistanyň gadagançylygy gutarmady. Gymmatbaha hassahanalary, beýleki desgalary gurmaga pul harçlaýança, kadrlara üns berip, işinden baş çykarýan lukmanlary taýýarlap ýetişdirse kim daşary ýurda saglygyny bejertmäge gitjek” diýip, Jennet käýindi.


Onuň pikiriçe, saglyk maksatnamasynyň kabul edileninden 30 ýyl bolup geçdi, emma ondan netije ýok, iş bilýän, bilimli lukmanlar daşary ýurtlara işlemäge gidýär, adamlaryň aýlyklaryny, iş şertlerini gowulandyrmasaň, bu gidişine ýurtda diňe gowy saglyk işgärleri, pedagoglar däl, beýleki pudaklaryň hem gowy işgärleri çykyp gider.

Söhbetdeşimiz türkmen lukmanlarynyň iň ýönekeý operasiýalary hem başarmaýandygyny, çagasy bolmaýan ýaşlaryň emeli usulda göwreli bolmak üçin Özbegistana gitmeli bolaýandyklaryny aýtdy.

Jennet mugallym özbek ilçihanasynyň mugallymlara wiza berýändigini eşidip, Özbegistana gitmek kararyna gelipdir, ýöne soň mugallymlaryň Özbegistana hem gidip bilmeýändigi, ýagny gümrük barlagyndan geçirilmeýändigi barada maglumat alypdyr.

"Kagyz ýüzünde açyk, iş ýüzünde ýapyk ýurt"

Kagyz ýüzünde, dilde ‘açyk gapylar’ syýasatyny ýöredýän Türkmenistan öz raýatlarynyň hereket azatlygyny çäklendirmekde uzak ýyllar bäri tankyt edilýär we bu çäklendirme diňe ýurt daşyna däl, içine hem degişli bolmagynda galýar.

“Henli” pasport indeksiniň täze hasabatyna görä (The Henley Passport Index), Türkmenistanyň raýatlary indi Täjigistana, Eýrana gelenlerinde wiza alyp bilerler, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Azerbaýjana we Russiýa elektron wiza alyp bilerler.

“Henli” Türkmenistanyň öz raýatlarynyň Owganystandan beýleki sebit ýurtlarynyň ählisine syýahat etmek mümkinçiligini ýeňilleşdirendigini belleýär.

Türkmen pasporty, neşiriň maglumatyna görä, dünýäde 85-nji orunda durýar we wizasyz 49 ýurda barmak mümkinçiligini berýär, ýöne ol ýurtlar ýa ýerler köplenç örän uzakda, köpüsi adalarda ýerleşýär.

Şol bir wagtda, resmi ýa resmi däl çykyş çäklendirmeleri, dürli gadagançylyklar, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa türkmenleri bu uzak adalara gitmek mümkinçiliginden hem kesýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Hasaplamalara görä, berk wiza düzgüniniň, beýleki gadagançylyklaryň saklanyp galmagy Türkmenistany ýylda ýüz millionlarça dollarlyk girdejiden, türkmenistanlylary bolsa diňe biraz gowy gazanç etmekden däl, eýsem juda zerur bolan gyssagly saglyk bejergisini almakdan hem mahrum edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG